Ýaşlar biziň gelejegimiz


Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe häzirki wagtda at-owazasy dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp watanymyzda, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimizde agzybir halkymyzyň her bir güni bagtly günlere beslenýär. Diýarymyzda amala aşyrylýan bagtyýar gelejegi nazarlaýan ägirt uly işler ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň parahat durmuşda, ajaýyp ýaşaýyşda ýaşamagyny üpjün edýär. Garaşsyz Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu günki gün Hormatly Prezidentimiz bilen diňe öňe barýar. Aýratyn hem bu günki günde ýaşlarymyz üçin alnyp barylýan işler göniden-göni ösüp gelýän nesillerimiziň ählitaraplaýyn kämilleşmegine uly ýardam edýär. Ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Maslahatlar merkezinde Ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanda Ýaşlar baradaky Döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy esasynda bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläkde kämilleşdirmek tutylýan meselelerine bagyşlanan maslahatda ýaşlara beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen raýatlaryň arasynda watansöýüjiligi edep-ekramlylygy, milligi, maşgala gymmatlygyny zähmete söýgini wagyz etmek kanunçylyk we hukuk düşünjelerini ösdürmek we sagdyn-durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady  bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşiniň Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde guramagynda “Ýaşlar biziň gelejegimiz” atly şygar astynda Büzmeýin etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda etrabyň çäginde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler çykyşlarynyň Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ýaşlarynyň bilim almagy, işlemegi, döretmegi, gurmagy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Ataýewa Mährijemal

Paýlaş

Salgymyz:

Görogly 124, Aşgabat, Turkmenistan

Gorogly 124, Ashgabat, Turkmenistan

Гороглы 124, Ашхабад, Туркменистан





Telefon belgiler:
(12) 906204 / 906426