Kalby hyjuwly ýaşlaryň söýgüsidir bu watan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýan beýik işler bu gün her bir ynsanyň, esasan-da, ýaşlaryň ýürek senasyna öwrülýär. Adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň başarnygyny, kuwwatyny milletiň, adamzadyň bähbidi, dünýäniň parahatçylygy üçin ulanmak esasy wezipeleriň biridir. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň Ýer ýüzündäki adamlaryň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda hem möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň terbiýesi, kämil bilim almagy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe möhüm häsiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertler döretmek, ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgüni terbiýelemek maksatlaryndan ugur alýar. Bu maksatnamada ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary, maksatlary, wezipeleri we ony durmuşa geçirmegiň anyk ýollary öz beýanyny tapýar. Şu nukdaýnazarlardan ugur alyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güniniň uly dabara bilen bellenilýän güninde Mary welaýatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň öz işine başlamagy  mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň we Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmen Halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza peder ýolyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 
guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin 
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni Mährijemal Ataýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Görogly 124, Aşgabat, Turkmenistan

Gorogly 124, Ashgabat, Turkmenistan

Гороглы 124, Ашхабад, Туркменистан





Telefon belgiler:
(12) 906204 / 906426