Buklet Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi
Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda mähriban ata
Watanymyzda durmuşa geçirilýän düýpli
özgertmeleri uly rowaçlyk bilen öňe gitmegini çuňňur ylymly-bilimli, giň
dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly, ata Watanyny jany-teni bilen
söýýän, hünärine ökde, işbaşarjaň ýaşlar bilen baglanyşdyrýar. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyran
düýpli özgertmeleriň bilim ulgamyndan başlamagynyň nesil terbiýesi bilen berk baglanyşyklydyr. Bu wajyp
wezipäni amal etmegiň esasy ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik
edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebap ýola goýmakdan ybaratdyr.