Hünärim bar – hormatym bar” ady bilen geçiriljek bilim bäsleşigininiň D Ü Z G Ü N N A M A S Y
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde Türkmenistanyň mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda “Hünärim bar – hormatym bar” ady bilen geçiriljek bilim bäsleşigininiň
D Ü Z G Ü N N A M A S Y
I. Umumy düzgünler
1.1. Şu düzgünnama Türkmenistanyň mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Hünärim bar – hormatym bar” atly bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär;
1.2. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi tarapyndan guralýar.
II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri
2.1. Orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda işjeň gatnaşyklary emele getirmek we berkitmek;
2.2. Ýaşlary kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek;
2.3. Zehinli talyplary ýüze çykarmak we mundan beýläk hem bilimini kämilleşdirmäge ruhlandyrmak.
III. Bäsleşigi geçirmegiň şertleri
3.1. Bäsleşik döwlet dilinde geçirilýär;
3.3. Bäsleşige gatnaşjak talyp we onuň ýolbaşçy mugallymy baradaky maglumatlar Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň akmm1@sanly.tm elektron poçtasyna 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinden gijä galman ugradylmaly (Goşundy).
3.4. Bäsleşikde Pedagogika we Psihologiýa dersleri boýunça 100 sany test soraglary hödürlener. Her dogry test soragyna berlen jogap 1 ball bilen bahalandyrylar;
3.5. Bäsleşige gatnaşýan her talyp test soraglaryny özbaşdak işlemelidir. Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylara özara maslahat etmek, kitap we beýleki maglumat göteriji serişdelerden peýdalanmaklyga rugsat berilmeýär;
3.6. Bäsleşigiň dowamynda şu Düzgünnamanyň talaplaryny bozan talyp bäsleşige gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylýar.
3.7. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryny geçirmek bilen bagly bolan ähli çykdajylar degişli bilim edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
IV. Bäsleşigiň netijelerini jemlemek we ýeňijilerini sylaglamak.
4.1. Bäsleşikde talyplaryň ukyplary, başarnyklary, zehinleri şahsy esasda hasaba alnyp, I, II, III orunlar kesgitlenilýär;
4.2. Ýeňijiler we jogapkär mugallymlar Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli diplomlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň taýýarlan ýörite sowgatlary bilen sylaglanýar.
Habarlaşmak üçin,
Telefon belgi: 90-60-45, 90-63-91.
Elektron poçta: akmm1@sanly.tm
________________________________________________________________
(orta hünär okuw mekdebiniň ady)
“Hünärim bar – hormatym bar” atly bilim bäsleşigine gatnaşyjylar bara
MAGLUMAT
T/b | Ady we familiýasy | Hünäri we ýyly | Telefon belgisi | Halypa mugallymy |
1. |
|
|
|
|