At the pedagogical school named after Aman Kekilov
“ Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak” ýylynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aman
Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde Türkmenistanyň mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň
arasynda “Hünärim bar – hormatym bar” ady bilen geçiriljek bilim
bäsleşigininiň
D Ü Z G Ü N N A M A S Y
I.
Umumy düzgünler
1.1.
Şu düzgünnama Türkmenistanyň mugallymçylyk ugurly orta
hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Hünärim bar – hormatym bar”
atly bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň
tertibini kesgitleýär;
1.2.
Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi tarapyndan guralýar.
II.
Bäsleşigiň maksady we
wezipeleri
2.1.
Orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda işjeň gatnaşyklary
emele getirmek we berkitmek;
2.2.
Ýaşlary kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç
ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek;
2.3.
Zehinli talyplary ýüze çykarmak we mundan beýläk hem
bilimini kämilleşdirmäge ruhlandyrmak.
III.
Bäsleşigi geçirmegiň şertleri
3.1.
Bäsleşik döwlet dilinde geçirilýär;
3.2.
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 24-ne sagat
10:00-da geçiriljek “Hünärim bar – hormatym bar” atly bäsleşigine mugallymçylyk
ugurly her orta hünär okuw mekdebinden
I we II ýyl talyplaryndan 2 (iki) sany talybyň gatnaşmagyna rugsat berilýär;
3.3.
Bäsleşige
gatnaşjak talyp we onuň ýolbaşçy mugallymy baradaky maglumatlar Aman Kekilow
adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň akmm1@sanly.tm elektron poçtasyna 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinden gijä galman ugradylmaly (Goşundy).
3.4.
Bäsleşikde Pedagogika we Psihologiýa dersleri boýunça 100
sany test soraglary hödürlener. Her dogry test soragyna berlen jogap 1 ball
bilen bahalandyrylar;
3.5.
Bäsleşige gatnaşýan her talyp test soraglaryny özbaşdak
işlemelidir. Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylara özara maslahat etmek, kitap we
beýleki maglumat göteriji serişdelerden peýdalanmaklyga rugsat berilmeýär;
3.6.
Bäsleşigiň dowamynda şu Düzgünnamanyň talaplaryny bozan
talyp bäsleşige gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylýar.
3.7.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryny geçirmek bilen bagly bolan
ähli çykdajylar degişli bilim edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna
maliýeleşdirilýär.
IV.
Bäsleşigiň netijelerini
jemlemek we ýeňijilerini sylaglamak.
4.1.
Bäsleşikde talyplaryň ukyplary, başarnyklary, zehinleri şahsy
esasda hasaba alnyp, I, II, III orunlar kesgitlenilýär;
4.2. Ýeňijiler we jogapkär mugallymlar Aman Kekilow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji, 2-nji,
3-nji derejeli diplomlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi
Geňeşiniň taýýarlan ýörite sowgatlary
bilen sylaglanýar.
Habarlaşmak üçin,
Telefon belgi: 90-60-45, 90-63-91.
Elektron poçta: akmm1@sanly.tm
________________________________________________________________
(orta hünär okuw mekdebiniň ady)
“Hünärim bar – hormatym
bar” atly bilim bäsleşigine gatnaşyjylar bara
MAGLUMAT
T/b | Ady we | Hünäri | Telefon | Halypa |
1. |
|
|
|
|