Sanly bilim
Orta hünär okuw mekdeplerinde sanly bilimiň üsti bilen sanly ykdysadyýeti ýola goýmak.
Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Gurbansähedowa Güljan Joraýewna
Hakdan halatly, ýurdy Hydyr ataly, jennet kibi sapaly Berkarar döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy netijesinde ähli ulgamlarda özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, uly zähmet üstünlikleri gazanylýar, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi gün-günden ýokarlanýar. Türkmenistan döwletiniň şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, halkymyzyň mertebesi, halkara abraýy barha artýar. Milli Liderimiziň ösüş-özgertmeleri ähli başlangyçlaryň we üstünlikleriň gözbaşy hasaplanýan ylym-bilim ulgamyndan başlamagy bolsa, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde okuw meýilnamalarynyň, maksatnamalarynyň halkara kadalaryna laýyk getirilmegine we ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna giň ýol açdy. Bilim, ylym ulgamyndaky gazanylýan üstünlikler ähli ugurlardaky ösüşleriň we özgerişleriň hamyrmaýasy bolup, ata Watanymyzyň diňe bir şu günki ösüşlerinden nyşan bolmak bilen çäklenmän, eýsem röwşen geljegiň hem aýdyň kepilidir. Çünki Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň röwşen geljegini bilimli-ylymly ýaş nesil bilen baglanşdyrýär. Sebäbi ýurduň dünýädäki abraýy onuň halkynyň bilim, ylym, medeni derejesi bilen kesgitlese, halkyň dowam etmegi we onuň milli, ruhy-medeni we ahlak-psihologik aýratynlyklarynyň özboluşlylygyny saklamagy, esasan ýaşlara degişlidir. Jemgyýetde her bir maşgalanyň, dünýäde her bir döwletiň baş aladasy, alyp barýan syýasatynyň esasy ugry ýaşlar bilen baglanyşyklydyr. Şonuň bilen baglylykda ylmyň tehnikanyň okgunly ösýän häzirki döwründe bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaş nesli okatmagyň we terbiýelemegiň täze usullaryna çalt geçmek üçin giň mümkinçilikler we amatly şertler döredilýär, bilim ojaklary kompýuter, döwrebap multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan we täze dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynyň täze binalary gurup ulanmaga berilýär. Ylyma, bilime, döredijilige üns berýän ýurt elmydama ösüşde bolýar. Çünki ylym-bilim ynsana ruhy güýç berýär. Onuň ähli ajaýyp ahlak sypatlaryny açyp görkezýär. Ylymly ynsan ruhy baý ynsandyr,sebäbi ol dünýäniň iň uly hazynanyň bolan ylmyň eýesidir. Ylym eýesi bolan adamlardan düzülen jemgyýet bolsa kämil, kuwwatlydyr, sagdyndyr, ruhubelentdir. Şu zatlary nazara tutmak bilen Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, “Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr” diýen sözleri ýurdumyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynda ylymyň, bilimiň ähmiýetiniň ýokarlanmagyna şaýatlyk edýär. Ýaşlaryň bolsa okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek bilen, Watanymyzyň bilim binýadyny, ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmalydyrlar. Ýaşlara berilýän berilýän bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk esas bolmalydyr. Hormatly Prezidentimiziň bilim, ylym edaralarynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmegi, sanly serişdelerden ýerlikli peýdalanmagy, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmagy, okatmagyň medeniýetini ýokarlandyrmagy, hilini halkara derejesine getirmegi üçin aladalanyp “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda” karara gol çekdi. Sanly bilim tehnologiýalaryndan peýdalanmak bilen ýaş nesile berilýän bilimiň mazmuny maglumatlar torunyň üsti bilen baýlaşdyrylar, hili ýokarlanar. Sanly bilim konsepsiýasynyň çäklerinde bilim bermegiň däpleýin we mobil görnüşleri utgaşdyrylar. Talyp üçin wideo-okuwlar, usulyýet materiallary, mugallym tarapyndan berilýän maslahatlar elýeterli bolup, özbaşdak işi guraýan talyplaryň işjeň torlaýyn özara işleşmeginiň üpjün edilmegi olaryň bilim almak isleginiň ýokarlanmagyna getirer. Şonuň bilen baglylykda, elektron maglumatlary döretmek, wideo-sapaklary, maslahatlary guramak, interaktiw testleri taýýarlamak elbetde mugallymyň paýyna düşýär. Şonuň üçin ýurdumyzda gurulýan we häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan mekdeplerde dersleri okatmalyk döwrüň ýokary talaplaryna laýyk derejede guramagy talap edýär. Öňdebaryjy iş usullaryndan peýdalanmaga gönükdirilen mekdeplerde bilim bermek, öwretmek, bilim almak, öwrenmek bilim berýän üçin-de, bilim alýan üçin-de guwandyryjy. Bu bolsa mugallymlaryň okuw işlerinde adaty usullardan döwrüň talap edýän döwrebap sanly usullaryna geçmekligine, olaryň başarnyklaryny kämilleşdirmekligine, döredijilikli işlemegine, durnukly pikirlenmegine, seljermek ukyplaryny işjeň bolmagyna, täzeliklerden habarly bolmaklaryna itergi berýär. Munuň üçin bolsa mugallym ilkinji nobatda öz ugry boýunça bilimine we taýýarlygyna, mugallymçylyk ylymyny biliş derejesine we işine ussat bolmalydyr. Sapagynyň täsirli bolmagy, öwredýän bilimleriniň öwrenijä elýeterli bolmagy üçin ilkinji nobatda, mugallymyň öz taýýarlygy ýokary, öz hünäri boýunça dünýä täzeliklerini özleşdiren, interaktiw okuwyň usullaryny öwrenen we ulanyp bilýän, multimediýa tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän bolmagy zerurdyr. Öwreniji tarapyň mugallymyň şahsyýetine ýokary hormat, onuň öwredýän dersine uly gyzyklanmanyň döremegine höwes döredýär. Şu günki sanly bilim-umumy tehnologiýanyň ösüşidir. Ol bolsa öz gezeginde tutuş bilim ulgamynyň umumy ösüşine täsir edýär. Ine şular ýaly sanly bilim ulgamynyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça uly işler alynyp barylýar. Mekdebimiziň kitaphanasynda elektron gory yzygiderli baýlaşdyrylýär, okuw dersleri boýunça işlenip taýýarlanan döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar köpeldilýär. Täze maglumatlar bilen elektron maglumat gorunyň üstüni ýetirmek işi yzygiderli dowam etdirilýär. Mugallymlarymyzyň taýýarlan okuw gollanmalarydyr kitaplary sanly görnüşde ýokary okuw mekdebimiziň kitaphanasynda elektron görnüşinde ýerleşdirilýär. Häzirki wagtda mugallymlar umumy okuwlaryny multimediýa tagtalarynyň üsti bilen bermekligine mümkinçilikler döredilen. Mekdebimizde “Buhgalterçilik hasaba alnyşy”, “Maliýe we karz”, “Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş” hünärleriniň üstüne ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin orta bilimli kämil hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen täze hünärleriň 2-si ýagny “Salgytlar we salgyt salmak”, “Bank işlerini programmirlemek” açyldy. Ykdysadyýetde sanly ulgama geçmekde bank işlerini programirlmek aýratyn oruna eýedir. Ýurdumyzda bank işlerini kämilleşdirmek giň gerimde alynyp barylýar. Bank işlerini programirlemek sanly ykdysadyýetde banklarda geçirilýän amallaryň çaltlanmagyna, dogry geçirilmegine, bank ara hasaplaşyklary amatly geçirmäge, hasap analizlerini amatly geçirmäge, nagt pul dolanşygyny azaltmaga mümkinçilik döredýär. Munuň özi, ýurdumyzyň dünýäniň ösen tehnikasy we tehnologiýasy esasynda barha ösüp barýan senagat düzümini häzirki zamanyň talap edýän hünärmenleri bilen üpjün etmäge ýardam eder. Ykdysadyýetde innowasion serişdeleri ygtybarly ulanmak bilen ýurduň ösüşini işjeňleşdirmäge çäksiz mümkinçilikler dörediler. Mundan başgada sanly tehnologiýalar kärhanalaryň operasion modeliniň netijeliligini ýokarlandyrýar we bazarda täze mümkinçilikleri döredýär. Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde işewür we maýa goýum ýagdaýlary gowulaşar, bank ulgamlarynda döwlet hyzmatlarynyň, hasaplaşyklarynyň, amallarynyň netijeliligi ýokarlanar, işewürlik hyzmatlaryň, ekoulgamyň ösüşi üpjün ediler, (logistik hyzmaty, mobil banking), telekeçilik işini alyp barmaklyk üçin mümkinçilikler artar(söwdalary geçirmeklik üçin elektron aragatnaşyk portallary). Sanly tehnologiýalar maglumatlary has-da hilli jemlemegi we işläp taýýarlamagy mümkin eder, hyzmatlary has-da ýokary hilli gurar we amala aşyrar. Sanly modeliň ösdürilmegi üçin hemişe täzelenip duran tehnologiýalary ussatlyk bilen, başarjaňlyk bilen dolandyrýan hünärmenler gerek. Şeýle häzirki zaman tehnika-tehnologiýadan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamakda mugallymlarymyz tarapyndan birnäçe işler amal edilýär. Diňe bir mugallymlaryň däl eýsem bilim alýanlaryň hem häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklygynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Çünki sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmeklik başarjaň ýaşlara bagly bolup burýar. Olar nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde amal edenlerinde berilýän bilimiň hakykatdan hem jemgyýetiň ykdysady pudagynda peýdalylygynyň zerurlygyny ýüze çykarar. Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlarymyzy ylyma-bilime döredijilik işlerine höweslendirmek, ýokary watançylyk, päk ahlak we belent ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek elmydama hem biziň baş maksadymyz bolmagynda galýar” diýen parasatly pähimiňizden ugur alyp, biz mugallymlar ýaşlara bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyzyň kämilleşdirip, şugünlere ýetiren däp-dessurlaryndan ruhy ahlak gymmatlyklaryndan ugur alyp geljekde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ösdürjek, saýlap alan hünärine ökde hünärmenleri ýetişdirmekde gujur-gaýratymy gaýgyrman zähmet çekjekdigimi ynandyrasym gelýär. Çünki Hormatly Prezidentimiz biz mugallymlara “Mugallymlaryň döredijilikli işi biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr” diýip örän uly ynam bildirip berilýän bilimiň türkmen halkynyň ýagty geljegine şöhle salýan çyrag bolup, ýaşlaryň kalbynda orun almalydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim,ylym ulgamynynyň ösdürmeklikde, dünýä derejesinde kämilleşdirmeginde, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlanmakda tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Edebiýat:
- Gurbanguly Berdimuhamedow “Bilim-bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” - Aşgabat TDNG. 2014
- Gurbanguly Berdimuhamedow “Älem içre at gezer” – Aşgabat: TDNG.2011
- Kakageldi Hümmäýew “Sanly strategiýalar we innowasion çözütler” Garagum zurnaly N9. 2019
- Myratgeldi Çöliýew “Sanly bilim ulgamy ösdürilýär” Mugallymlar gazeti-21.01.2019
- Aýgözel Nurlyýewa “Sanly ykdysadyýet we medeni miras” Mugallymlar gazeti-16.01.2019