Dalaşgärler üçin



AMAN KEKILOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

  • 2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça
    talyplyga kabul edýär:
  •  
  • I. Býujet
    esasynda:
  • 1. Başlangyç synplarda okatmak. 
  • 2. Mekdebe çenli bilim we terbiýe. 
  •  
  • II. Tölegli
    esasda:
  • 1. Başlangyç synplarda okatmak. 
  • Mugallymçylyk mekdebine Aşgabat şäherinde, Ahal welaýatynda, şeýle-de
    Balkan welaýatynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes
    bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş
    synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. 
  • Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2026-njy
    ýylyň 13-26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär. 
  • Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 
  • — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; 
  • — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 
  • — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); 
  • — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan
    bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 
  • — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
  • — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 
  • — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 
  • — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň
    ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň
    agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny
    tabşyrýarlar. 
  • Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen
    resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary
    görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 
  • — pasportyny; 
  • — harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda
    şahadatnamasyny. 
  • Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan
    peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 
  • Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy
    jogapkärçilik çekýär.
  • Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2026-njy ýylyň iýul
    aýynyň 29-30-y,  awgust aýynyň 1-2-si we 4-5-i
    günlerinde Aman Kekilow adyndaky
    Mugallymçylyk mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.
  • Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň
    taryhy derslerinden geçirilýär. 
  • Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň
    okuw maksatnamalarynyň esasynda,
    döwlet dilinde dilden
    geçirilýär.
  • Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere
    görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip
    bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. 
  • Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we
    talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda»
    Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk
    gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
  •  
  • Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy:
  • Aşgabat ş., Görogly köçesi, 124, tel.: 90-62-04.



Paýlaş

Salgymyz:

Görogly 124, Aşgabat, Turkmenistan

Gorogly 124, Ashgabat, Turkmenistan

Гороглы 124, Ашхабад, Туркменистан





Telefon belgiler:
(12) 906204 / 906426