Для абитуриентов

                                 AMAN KEKILOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI  2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul
edýär:

  1. I. Býujet esasynda:
  2. 1. Başlangyç synplarda okatmak.
  3. 2. Mekdebe çenli bilim we terbiýe.
  4. II. Tölegli esasda:

  5. 1. Başlangyç synplarda okatmak.
  6. Mugallymçylyk mekdebine Aşgabat şäherinde, Ahal welaýatynda, şeýle-de
    Balkan welaýatynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes
    bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş
    synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
  7. Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14-27-nji
    iýuly aralygynda kabul edilýär.
  8. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
  9. — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  10. — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  11. — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  12. — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan
    bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  13. — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  14. — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  15. — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  16. — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň
    ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň
    agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny
    tabşyrýarlar.
  17. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen
    resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary
    görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
  18. — pasportyny;
  19. — harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda
    şahadatnamasyny.
  20. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan
    peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
  21. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy
    jogapkärçilik çekýär.
  22. Giriş synaglary we
    okuwa kabul edilmek
    2025-nji ýylyň iýul aýynyň 30-31-i,  awgust
    aýynyň 2-3-i we 5-6-sy günlerinde Aman Kekilow
    adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde (Aşgabat şäheri) geçirilýär.
  23. Giriş synaglary ähli hünärler
    boýunça matematika, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy
    derslerinden geçirilýär.
  24. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň
    okuw maksatnamalarynyň esasynda,  
    döwlet dilinde dilden geçirilýär.   
  25.  
  26. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere
    görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip
    bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
  27. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we
    talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan
    «Bilim hakynda»
    Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk
    gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
  28.  
  29. Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy:
  30. Aşgabat ş., Görogly köçesi, 124, tel.: 90-62-04.































































Paýlaş

Salgymyz:

Görogly 124, Aşgabat, Turkmenistan

Gorogly 124, Ashgabat, Turkmenistan

Гороглы 124, Ашхабад, Туркменистан





Telefon belgiler:
(12) 906204 / 906426