Biz barada


Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň Halk magaryf komissarlygynyň 1922-nji ýylyň 4-nji martyndaky №16 buýrugyna laýyklykda Poltorask pedagogik tehnikumy hökmünde döredildi. Ol 1927-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagtyna öňki milli adynyň gaýtarylyp berilmegi bilen Aşgabadyň pedagogik tehnikumy, 1938-nji ýyldan başlap Aşgabadyň pedagogik uçilişşesi diýlip atlandyryldy. 1967-nji ýylyň 13-nji iýulynda SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Permany esasynda Aşgabadyň pedagogik uçilişşesi Zähmet Gyzyl Baýdak ordenine mynasyp boldy. 1975-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Sowetiniň №312 belgili karary bilen uçilişşä Aman Kekilowyň ady dakyldy. Aman Kekilow şu mekdepde okap bilim alan, şu okuw jaýynda mugallym bolup zähmet çeken alym, şahyrdyr. 2001-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň çykaran 146 belgili buýrugyna laýyklykda uçilişşe Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi diýlip atlandyryldy.  “Bitaraplyk we parahatçylyk” ýylynda - 2015-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumy hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylyp ulanylmaga berildi. Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumy talyplaryň döwrebap bilim almaklaryna, mugallymlaryň döredijilikli işlemeklerine niýetlenendir. Mugallymçylyk mekdebinde 7 sany usuly birleşme bolup, mugallymlar okuw maksatnamalary esasynda talyp ýaşlara okatmaklygyň döwrebap hem çuňlaşdyrylan bilim-başarnyklaryny öwredýärler. Okuw binasynda ýerleşdirilen 300 orunlyk Mejlisler zalynda dürli konferensiýalary we ýygnaklary geçirmek mümkin. Talyplar üçin niýetlenen ses ýazgy studiýasy, kompýuter otaglary, lingafon otagy, pedagogiki multimediýa enjamlary bilen üpjün edildi. Mundan başga-da okuw binasynda tikinçilik, ussaçylyk we aşpezlik otaglary, aýdym-saz otaglarynyň dördüsi, şekillendiriş sungaty otaglarynyň bolsa üçüsi bar. Şeýle hem mekdep we mekdebe çenli mugallymçylyk psihologiýa usuly birleşmesi mugallymçylyk käriniň has kämil derejede ýola goýulmagyna ýardam berýär. Okuw we edara binasynda talyplar üçin niýetlenen kitaphanada mugallymçylyk ugry bilen baglanyşykly ençeme maglumatlar we kitaplar ýerleşdirilen. Binaň birinji gatynda ýerleşdirilen muzeý talyplara we myhmanlara bu okuw mekdebiniň taryhy, bitiren işleri, ýeten sepgitleri bilen giňden tanyş bolmaga mümkinçilik berýär. Okuw mekdebiniň esasy okuw hem edara binasynda lukmançylyk otagy hem ýerleşýär. Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň iki sany umumy ýaşaýyş jaýy talyplar üçin ähli amatly şertleri özünde jemleýär. Umumy ýaşaýyş jaýynda 400 adama niýetlenen naharhana bar. Şeýle-de 200 tomaşaça niýetlenen sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän üstü ýapyk sport zaly umumy ýaşaýyş jaýynyň çäginde ýerleşdirilen. Üstü açyk sport toplumynda talyplar sportyň futbol, woleýbol, basketbol, tenis we beýleki görnüşleri bilen meşgullanyp bilerler.

Ylym

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň Halk magaryf komissarlygynyň 1922-nji ý [...]

Mugallymlar

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň Halk magaryf komissarlygynyň 1922-nji ý [...]

Sanly bilim

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň Halk magaryf komissarlygynyň 1922-nji ý [...]

Göreldeli talyplar

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň Halk magaryf komissarlygynyň 1922-nji ý [...]

Kitaphana

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň Halk magaryf komissarlygynyň 1922-nji ý [...]

Usuly birleşmeler

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň Halk magaryf komissarlygynyň 1922-nji ý [...]

Salgymyz:

Görogly 124, Aşgabat, Turkmenistan

Gorogly 124, Ashgabat, Turkmenistan

Гороглы 124, Ашхабад, Туркменистан





Telefon belgiler:
(12) 906204 / 906426