📍 Gorogly 124, Ashgabat, Turkmenistan ✆ (12) 906204 / 906426
Pedagogical School named after Aman Kekilov

Açyk gapylar güni

Home / News / 06/06/2025
Açyk gapylar güni

“Açyk gapylar” güni Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi, 202 6 -202 7 -nj i okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlar y 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde…

“Açyk gapylar” güni

 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi, 2026-2027-nji         okuw ýylynda  okuwa girmäge isleg bildirýän  ýaşlary 2026-njy ýylyň
22-nji aprelinde we 8-nji  maýynda sagat 14:00-da “Açyk gapylar” gününe çagyrýar.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan--bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna  beslenip gelen “Açyk gapylar” günlerinde ýaşlara Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň  milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada alyp barýan özgertmelerine laýyklykda, Mugallymçylyk mekdebinde taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, okuw-usuly, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, talyplaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilen ähli  şertler barada giňişleýin maglumatlar berler.

 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Görogly köçesiniň 124-nji jaýy.

 

Telefon belgisi: 90-62-04, 90-63-96   

← All news