📍 Gorogly 124, Ashgabat, Turkmenistan ✆ (12) 906204 / 906426
Pedagogical School named after Aman Kekilov

Buklet Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Home / News / 17/01/2025
Buklet Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Ýurdumyzda halkara ölçeglerine laýyk gelýän bilim edaralarynyň gurulmagy bilim ulgamynda okatmagyň kämilleşdirilen, döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmaga, ösüp gelýän…

 Ýurdumyzda halkara ölçeglerine laýyk gelýän bilim edaralarynyň gurulmagy bilim ulgamynda okatmagyň kämilleşdirilen, döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesillerimize dünýä ülňüleriniň derejesinde bilim-terbiýe bermäge  giň mümkinçilikleri döredýär.

 Özüniň esaslandyrylan wagtyndan (1922-nji ýyldan) bäri geçen 100 ýyldan ( bir asyrdan) gowrak döwrüň içinde halkymyzyň ençeme nesillerine bilim-terbiýe bermäge ussat halypa  mugallymlary we terbiýeçileri  terbiýeläp ýetişdiren hem-de şu günki günde hem  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň gülläp ösmeginde başlangyç synp mugallymlary we terbiýeçileri  bilen üpjün etmekde Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilim bermegiň iň kämil ülňülerine laýyklykda bina edilen okuw mekdebidir.

  Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň esasy okuw hem edara binasynyň birinji gatynda dürli dersler boýunça okuw geçmäge niýetlenen okuw otaglary,muzeý, kitaphana, lukmançylyk otagy, mugallymlar otagy, 300 orunlyk mejlisler zaly, ikinji gatynda aýdym-saz, zähmet, şekillendiriş sungaty, taryh we matematika dersleri boýunça okuw otaglary we olara degişli usuly birleşmeleriň otaglary, üçünji gatynda lingafon otaglary, hem bar

 
← All news