Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň iňlis dili we edebiýaty usuly birleşmesi
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi ýurdumyzda başlangyç synp mugallymlaryny we çagalar baglarynyň terbiýeçilerini taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebidir. Bu okuw jaýy döwlet eýeçiligindäki orta hünär okuw mekdebi bolup, onda okuwyň möhleti 2 ýyl 10 aý.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň 15 sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” we 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda çykaran 519-njy karary bilen “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” tassyklady. Bu möhüm resminamalary üstünlikli durmuşa geçirmek ähli bilim işgärleriniň , şol sanda daşary ýurt dili mugallymlaryň hem borjudyr.
Ýurdumyzyň dil syýasatynda ene dilimiz bolan türkmen dili bilen bir hatarda ýörgünli daşary ýurt dilleri bolan iňlis hem-de rus dillerine uly orun berilýär. Bu dilleri öwrenmeklik mekdebe çenli çagalar edaralarynda başlanýar, sebäbi daşary ýurt dilleri jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki döwründe dünýä jemgyýeti bilen aragatnaşyk etmekligiň ygtybarly serişdesidir.
Mugallymçylyk mekdebimizde ýaşlara bilim we hünär bermeklik, olary ata Watanymyza, halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemeklik bilen berk baglanyşykly işler alnyp barylýar we hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyndaky düýpli özgertmelerine öz mynasyp goşandyny goşup biljek bilim işgärleri taýýarlanylýar. Mugallymçylyk mekdebinde okaýan talyplar Döwlet tarapyndan tassyklanan okuw maksatnamasy esasynda okap, nazary bilimleri we başarnyklary ele alýarlar.
Mugallymçylyk mekdebiniň iňlis dili we edebiýaty usuly birleşmesi hem ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň hilini kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, okuw işiniň ylmy esasda guralyşyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly işleri alyp barýar. Usuly birleşmäniň öz öňünde goýýan esasy maksatlary döwrüň talaplaryna laýyklykda talyplara çuňňur bilim we terbiýe bermekden, Türkmenistanyň Prezidentiniň Bilim syýasatyny doly we dogry berjaý etmekden, okadylýan dersler boýunça bilimiň hilini gowulandyrmakdan we okatmaklygyň täze usullaryny okuw sapaklaryna ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Iňlis dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň düzümi şu derslerden ybarat:
1) Iňlis dili;
2) Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti;
3) Çagalara iňlis dilini öwretmegiň usulyýeti;
4) Iňlis çagalar edebiýaty
Mugallymçylyk mekdebinde okuw we terbiýeçilik işleriniň mazmuny hem-de guralyşy şular ýaly:
- umumy okuw;
- amaly sapaklar;
- synag, üznüksiz we mugallymçylyk tejribelikleri;
- ýyllyk işi;
- barlag işi, barlag ýumuşlary;
- talyplaryň maksatnama boýunça özbaşdak işleri;
- berkidiji sapaklar(konsultasiýalar);
- hasap, aralyk jemlemeler;
- talyplaryň goýberen sapaklaryny özleşdirmek;
Mundan başga-da mugallymçylyk mekdebinde okaýan 2-3-nji ýyl talyplary Aşgabat şäherindäki umumy bilim berýän orta mekdepleriň başlangyç synplarynda öz alýan hünärleri boýunça mugallymçylyk tejribeçiliginiň, mekdebe çenli bilim we terbiýe bölüminde okaýan talyplar bolsa çagalar bagynda gözegçilik, synag we terbiýeçilik işlerini guramagyň inçe tärlerini öwrenýärler.