Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi ýurdumyzda başlangyç synp mugallymlaryny we çagalar baglarynyň terbiýeçilerini taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebidir. Bu okuw jaýy döwlet eýeçiligindäki orta hünär okuw mekdebi bolup, onda okuwyň möhleti 2 ýyl 10 aý.
Mugallymçylyk mekdebimizde ýaşlara bilim we hünär bermeklik, olary ata Watanymyza, halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemeklik bilen berk baglanyşykly işler alnyp barylýar we hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyndaky düýpli özgertmelerine öz mynasyp goşandyny goşup biljek bilim işgärleri taýýarlanylýar. Mugallymçylyk mekdebinde okaýan talyplar Döwlet tarapyndan tassyklanan okuw maksatnamasy esasynda okap, nazary bilimleri we başarnyklary ele alýarlar.
Mugallymçylyk mekdebiniň “Jemgyýetçilik ylymlary, tebigaty öwreniş we geografiýa” usuly birleşmesi hem ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň hilini kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, okuw işiniň ylmy esasda guralyşyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly işleri alyp barýar. Usuly birleşmäniň öz öňünde goýýan esasy maksatlary döwrüň talaplaryna laýyklykda talyplara çuňňur bilim we terbiýe bermekden, Türkmenistanyň Prezidentiniň Bilim syýasatyny doly we dogry berjaý etmekden, okadylýan dersler boýunça bilimiň hilini gowulandyrmakdan we okatmaklygyň täze usullaryny okuw sapaklaryna ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Mugallymçylyk mekdebiniň “Jemgyýetçilik ylymlary, tebigaty öwreniş we geografiýa” usuly birleşmesiniň düzümi şu derslerden ybarat:
1) Türkmenistanyň taryhy
2) Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary
3) Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary
4) Häzirki zaman türkmen jemgyýeti
5) Dünýä taryhy
6) Taryh
7) 5-6-njy synplarda taryh dersini okatmagyň usulyýeti
8) Etika we estetika
9) Ekologiýa we daşky gurşawy goramak
10) Tebigaty öwrenişiň esaslary we ony okatmagyň usulyýeti
11) Ýaşaýyş durmuş esaslary we ony okatmagyň usulyýeti
12) Lukmançylyk bilimleri we çaga lukmançylygynyň esaslary
13) Lukmançylyk bilimleriniň esaslary
14) Ýaşaýyş durmuş esaslary
15) Fiziki geografiýa
16) Türkmenistanyň geografiýasy
17) 5-6-njy synplarda geografiýa dersini okatmagyň usulyýeti.
Mugallymçylyk mekdebinde okuw we terbiýeçilik işleriniň mazmuny hem-de guralyşy şular ýaly:
- umumy okuw;
- amaly sapaklar;
- synag, üznüksiz we mugallymçylyk, terbiýeçilik tejribelikleri;
- ýyllyk işi;
- barlag işi, barlag ýumuşlary;
- talyplaryň maksatnama boýunça özbaşdak işleri;
- berkidiji sapaklar (konsultasiýalar);
- hasap, aralyk jemlemeler;
- talyplaryň goýberen sapaklaryny özleşdirmek.
Mundan başga-da Mugallymçylyk mekdebinde okaýan 2-3-nji ýyl talyplary Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň başlangyç synplarynda öz alýan hünärleri boýunça mugallymçylyk tejribeçiliginiň, mekdebe çenli bilim we terbiýe bölüminde okaýan talyplar bolsa çagalar bagynda gözegçilik, synag we terbiýeçilik işlerini guramagyň inçe tärlerini öwrenýärler.