Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň matematika usuly birleşmesi
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi ýurdumyzda başlangyç synp mugallymlaryny we çagalar baglarynyň terbiýeçilerini taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebidir. Bu okuw jaýy döwlet eýeçiligindäki orta hünär okuw mekdebi bolup, onda okuwyň möhleti 2 ýyl 10 aý. Mugallymçylyk mekdebimizde ýaşlara bilim we hünär bermeklik, olary ata Watanymyza, halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemeklik bilen berk baglanyşykly işler alnyp barylýar we hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyndaky düýpli özgertmelerine öz mynasyp goşandyny goşup biljek bilim işgärleri taýýarlanylýar. Mugallymçylyk mekdebinde okaýan talyplar Döwlet tarapyndan tassyklanan okuw maksatnamasy esasynda okap, nazary bilimleri we başarnyklary ele alýarlar.
Mugallymcylyk mekdebiň matematika usuly birleşmesi – pedogogik işgärleriň usuly birleşmesi bolup, ol hünärmenleri taýýarlamagyň hilini kämilleşdirmegi, okuw işiniň ylmy esasynda guralyşyny işläp düzmegi, usuly işleri kämilleşdirmegi, okuw işiniň ylmy esasynda guralyşyny işläp düzmegi, usuly işleri kämilleşdirmegi, pedadogik işgärleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmagy, okuw – terbiýeçilik işine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy, okuw – terbiýeçilik işiniň täsirli ulgamyny döretmegi, talyplary halka, Watana, Türkmenistanyň Prezidentine söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemegi maksat edinýär.
Matematika usuly birleşmesiniň düzümi şu derslerden ybarat:
1) Başlangyç matematikanyň esaslary;
2) Başlangyç matematikany okatmagyň usulyýeti;
3) Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary;
4) Çagalara kompýuter başarnygyny öwretmegiň usulyýeti;
5) Informatikany okatmagyň usulyýeti;
6) Matematikanyň başlangyç kursy;
7) 5-6-njy synplarda matematikany okatmagyň usulyýeti;
8) Programmirleme;
9) Algebra we analiziň başlangyçlary.
Mugallymçylyk mekdebinde okuw we terbiýeçilik işleriniň mazmuny hem-de guralyşy şular ýaly:
- umumy okuw;
- amaly sapaklar;
- tejribe sapaklar;
- synag, üznüksiz we mugallymçylyk tejribelikleri;
- ýyllyk işi;
- barlag işi, barlag ýumuşlary;
- talyplaryň maksatnama boýunça özbaşdak işleri;
- berkidiji sapaklar (konsultasiýalar);
- hasap, aralyk jemlemeler;
- talyplaryň goýberen sapaklaryny özleşdirmek;
Mundan başga-da mugallymçylyk mekdebinde okaýan 2-3-nji ýyl talyplary Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň başlangyç synplarynda öz alýan hünärleri boýunça mugallymçylyk tejribeçiliginiň, mekdebe çenli bilim we terbiýe bölüminde okaýan talyplar bolsa çagalar bagynda gözegçilik, synag we terbiýeçilik işlerini guramagyň inçe tärlerini öwrenýär.