Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi ýurdumyzda başlangyç synp mugallymlaryny we çagalar baglarynyň terbiýeçilerini taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebidir. Bu okuw jaýy döwlet eýeçiligindäki orta hünär okuw mekdebi bolup, onda okuwyň möhleti 2 ýyl 10 aý.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” tassyklady. Bu möhüm resminamalary üstünlikli durmuşa geçirmek ähli bilim işgärleriniň, şol sanda zähmet, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty we bedenterbiýe mugallymlarynyň hem borjudyr.
Ýurdumyzyň syýasatynda talyplaryň şahsy we jemgyýetçilik durmuşynda zerur bolan zähmet başarnyklaryny we endiklerini terbiýelemeklige, talyp ýaşlarda zähmete, Watana söýgüni, zähmetkeş adamlara hormaty, adamyň şahsy we jemgyýetçilik durmuşynda zähmetiň ähmiýetine aňly-düşünjeli garaýşy terbiýelemeklige, durmuşda giňden peýdalanylýan agajy we metaly el gurallarynda hem-de mehaniki usulda işläp bejermegi öwretmeklige, iş gurallarynyň esbaplarynyň gurluşy, işledilişi bilen tanyşdyrmaklyga, kagyz bilen işlemegi, tebigy serişdeler, olardan önüm ýasap bilmeklige, tikin maşynlaryň gurluşy, işleýşini öwrenmek we işläp bilmeklige, ekerançylyk, bagçylyk, maldarçylyk barada öwrenmeklige, elektrotehniki işleri we gurnaýjylyk (konstruktorçylyk) başarnyklary, tehniki oý-pikirleri döredijilik ukyplary, hünärmentçilik başlangyçlary ösdürmeklige, zähmet medeniýetini, howpsuzlyk tehnikasynyň,zähmet arassaçylygynyň, ýangyna garşy göreşiň, ilkinji lukmançylyk kömeginiň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegi terbiýelemeklige, talyplarda ýokary ahlaklylyk, düşünjelilik, zähmete taýýarlyk, saglyklaryny berkitmeklige, goramaklyklyga hem-de okuw döwründe iş başarjaňlyklaryny artdyrmaklyklyga, talyplary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport işlerine çekmeklige, talyplara syýasy, ahlak, zähmet we gözellik terbiýesini bermek bilen, olaryň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza söýgüsini, milli medeniýetimize we sungatymyza bolan buýsanjyny artdyrmaklyga, suratyň, nakgaşçylygyň, amaly-haşam sungatynyň beýan ediş serişdelerinden sowatly peýdalanmagy öwretmeklige, talyplaryň döredijilik oýlanmasyny, görüş ýadyn, giňişlik düşünjelerini, şekillendiriş başarnyklaryny ösdürmeklige, olary milli sungatymyz, Garaşsyzlyk ýyllary içinde, dördilen hem döredilýän sungat eserleri, daşary ýurt şekillendiriş sungatynyň naýbaşy eserleri bilen tanyşdyrmaklyga, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň many-mazmunyna, beýan ediş serişdelerine has çuň düşünmegi öwretmeklige, türkmen halk aýdym-sazlary, türkmen halk aýdym-sazlarynyň tapawutly aýratynlyklary, bagşy-sazandalaryň ömri we döredijiligi, sazandalaryň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, kompozitorlaryň ömri we döredijiligi, türkmen milli saz gurallary: a) kirişli saz gurallary; b) üflenip çalynýan saz gurallary; ç) kakylyp çalynýan saz gurallary, türkmen halk döredijiligi: läleler, öleňler, monjugatdylar, küştdepdiler, aýdymlar, bagtyýarlyk döwründe kämilleşýän halk döredijiligi,bagşyçylyk ýollary: ahalteke, damana, salyr-saryk, ýomut, gökleň ýollary, bagşyçylyk ýollarynyň biri-birinden tapawytly aýratynlyklaryny bilmeklige uly orun berilýär.Bu başarnyklar, endikler, garaýyşlar, ukyplar mekdepde başlanýar, sebäbi zähmet terbiýesi, şekillendiriş we aýdym-saz sungaty, sport we bedenterbiýe jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki döwründe dünýä jemgyýeti bilen aragatnaşyk etmekligiň ygtybarly serişdesidir.
Mugallymçylyk mekdebimizde ýaşlara bilim we hünär bermeklik, olary ata Watanymyza, halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemeklik bilen berk baglanyşykly işler alnyp barylýar we hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyndaky düýpli özgertmelerine öz mynasyp goşandyny goşyp biljek bilim işgärleri taýýarlanylýar.Mugallymçylyk mekdebinde okaýan talyplar Döwlet tarapyndan tassyklanan okuw maksatnamasy esasynda okap, nazary bilimleri we başarnyklary ele alýarlar.
Mugallymçylyk mekdebiniň zähmet, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty we bedenterbiýe usuly birleşmesi hem ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň hilini kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, okuw işiniň ylmy esasda guralyşyny gowlandyrmak bilen baglanyşykly işleri alyp barýar.Usuly birleşmäniň öz öňünde goýýan esasy maksatlary döwrüň talaplaryna laýyklykda talyplara çuňňur bilim we terbiýe bermekden, Türkmenistanyň Prezidentiniň Bilim syýasatyny doly we dogry berjaý etmekden, okadylýan dersler boýunça bilimiň hilini gowlandyrmakdan we okatmaklygyň täze usullaryny okuw sapaklaryna ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Zähmet, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty we bedenterbiýe usuly birleşmesiniň düzümi şu derslerden ybarat:
1) bedenterbiýe;
2) başlangyç synplarda aýdym-saz we ony okatmagyň usulyýeti;
3) başlangyç synplarda durmuş zähmeti we ony okatmagyň usulyýeti;
4) başlangyç synplarda şekillendiriş sungaty we ony okatmagyň usulyýeti;
5) zähmet;
6) başlangyç synplarda bedenterbiýäniň okatmagyň usulyýeti;
7) türkmen milli senetçiligi we sungaty;
8) 5-7-nji synplarda durmuş zähmeti okatmagyň usulyýeti;
Mugallymçylyk mekdebinde okuw we terbiýeçilik işleriniň mazmuny hem-de guralyşy şular ýaly:
- umumy okuw;
- amaly sapaklar;
- synag, üznüksiz we mugallymçylyk tejribelikleri;
- ýyllyk işi;
- barlag işi, barlag ýumuşlary;
- talyplaryň maksatnama boýunça özbaşdak işleri;
- berkidiji sapaklar (konsultasiýalara);
- hasap, aralyk jemlemeler;
- talyplaryň goýberen sapaklaryny özleşdirmek;
Mundan başga-da mugallymçylyk mekdebinde okaýan 2-3-nji ýyl talyplary Aşgabat şäherindäki umumy bilim berýän orta mekdepleriň başlangyç synplarynda öz alýan hünärleri boýunça mugallymçylyk tejribeçiliginiň, mekdebe çenli bilim we terbiýe bölüminde okaýan talyplar bolsa çagalar bagynda gözegçilik, synag we terbiýeçilik işlerini guramagyň inçe tärlerini öwenýärler.