Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesi
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi ýurdumyzda başlangyç synp mugallymlaryny we çagalar baglarynyň terbiýeçilerini taýýarlaýan orta hünär okuw mekdebidir. Bu okuw jaýy döwlet eýeçiligindäki orta hünär okuw mekdebi bolup, onda okuwyň möhleti 2 ýyl 10 aý.
Mugallymçylyk mekdebimizde ýaşlara bilim we hünär bermeklik, olary ata Watanymyza, halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemeklik bilen berk baglanyşykly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyndaky düýpli özgertmelerine öz mynasyp goşandyny goşup biljek bilim işgärleri taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek we häzirki zaman dünýäsiniň ösen talaplaryna laýyk getirmek, orta mekdeplerde berilýän bilimiň hilini has-da gowulandyrmak maksady bilen, 2013-nji ýylyň 1-nji martynda “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permana, “Türkmenistanda umumy orta bilim bermegiň meseleleri hakynda” karara gol çekdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda berilýän bilimiň hili barha ýokarlanýar. Mugallymçylyk mekdebimiziň türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesi talyplara türkmen dili we edebiýaty derslerinden çuňňur bilim bermegi, başlangyç synplarda bu dersleri okatmagyň usullaryny öwretmekligi maksat edinýär.
Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň mugallymlary hem ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň hilini kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, okuw işiniň ylmy esasda guralyşyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly işleri alyp barýar. Usuly birleşmäniň öz öňünde goýýan esasy maksatlary döwrüň talaplaryna laýyklykda talyplara çuňňur bilim we terbiýe bermekden, Türkmenistanyň Prezidentiniň Bilim syýasatyny doly we dogry berjaý etmekden, okadylýan dersler boýunça bilimiň hilini gowulandyrmakdan we okatmaklygyň täze usullaryny okuw sapaklaryna ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň düzümi şu derslerden ybarat:
1. Türkmen dili;
2. Dürs ýazuw;
3. Türkmen dilini okatmagyň usulyýeti;
4. Türkmen edebiýaty;
5. Çagalar edebiýaty we labyzly okuw;
Mugallymçylyk mekdebinde okuw we terbiýeçilik işleriniň mazmuny hem-de guralyşy şular ýaly:
- umumy okuw;
- amaly sapaklar;
- synag, üznüksiz we mugallymçylyk tejribelikleri;
- ýyllyk işi;
- barlag işi, barlag ýumuşlary;
- talyplaryň maksatnama boýunça özbaşdak işleri;
- berkidiji sapaklar(konsultasiýalar);
- hasap, aralyk jemlemeler;
- talyplaryň goýberen sapaklaryny özleşdirmek;
Mundan başga-da mugallymçylyk mekdebinde okaýan 2-3-nji ýyl talyplary Aşgabat şäherindäki umumy bilim berýän orta mekdepleriň başlangyç synplarynda öz alýan hünärleri boýunça mugallymçylyk tejribeçiliginiň, mekdebe çenli bilim we terbiýe bölüminde okaýan talyplar bolsa çagalar bagynda gözegçilik, synag we terbiýeçilik işlerini guramagyň inçe tärlerini öwrenýärler.